“Türkmenhowaýollary” agentliginiň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebi

“Türkmenhowaýollary” agentliginiň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebiniň alyp barýan işleri, Türkmen awiasiýasynyň döredilen gününden başlap awiasiýa kärhanalarynyň hünärmenleri üçin Hünäri kämilleşdiriş we gaýtadan taýýarlyk okuwlaryny geçirmekden ybarat bolup durýardy. 2004-nji ýylda 2,5 ýyl möhletli orta-ýöriteleşdirilen Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebi döredildi. Bu mekdep “Türkmenhowaýollary” agentliginiň howa menzilleri, düzüm birlikleri üçin zerur ugurlarda awiasiýa hünärmenlerini taýýarlamakda uly işleri geçirýär. Geçirijilik kuwwatlylygy sagatda 1600 adama niýetlenen Aşgabat halkara howa menziliniň gurluşygynyň düzüminde: 35 synp otagly, 600 orunlyk mekdebiň üç gatly binasy, 150 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýynyň üç gatly binasy we trenažor-türgenleşik merkeziniň iki gatly binasy guruldy. Ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamakda uly goldaw, Mekdebiň trenažor-türgenleşik merkezinde gurnalan Kanadanyň CAE kompaniýasynyň Boeing-737NG uçarynyň doly uçar hereketlerini ýerine ýetirýän FFS7000XR trenažorynyň, Boeing-737NG, Boeing-777/200LR uçarlarynyň adatdan daşary ýagdaýy ýüze çykanda, ýolagçylary ewakuasiýa etmek üçin gapylary we basgançaklar öwrenmek boýunça, Boeing-737NG uçary suwa ýa-da gury ýere gonanda ýolagçylara gyssagly kömek etmegi öwredýän nemes kompaniýasynyň TFC trenažorlarynyň, uçaryň içinde ýangyn dörände etmeli hereketleri öwredýän KIDDE kompaniýasynyň trenažorynyň satyn alynmagydyr.

Bu trenažorlar uçarmanlara uçuşyň ähli tapgyrlarynda tälim almaga mümkinçilik berýär: uçuşdan başlap gonuşa çenli, şol sanda awiasiýa enjamlarynyň näsazlygy ýa-da howa şertleriniň ýaramazlygy sebäpli, şeýle hem adatdan daşary ýagdaýlarda ekipažyň etmeli hereketlerini özleşdirmäge mümkinçilik berýär.

Nazary okuw mekdebiň üç bölüminde geçirilýär:

1) ICAO – RA-nyň halkara guramasynyň talaplaryna laýyklykda, dil öwretmek boýunça hünärmenleriň hünärini ýokarlandyrmak bölümi;

2) Hünärmenleriň hünärini ýokarlandyrmak we bir ugurdan beýlekisine gaýtadan taýýarlamak;

3) Awiasiýa gulluklary üçin zerur ugurlar boýunça ýaş hünärmenleri taýýarlamak. (möhleti 2,5 ýyl).

Ýokary hünärli uçarmanlary taýýarlamak üçin Mekdepde Awstriýanyň «DIAMOND AIRCRAFT» kompaniýasyndan iki sany bir motorly DA-40NG uçarlary we iki sany iki motorly DA-42NG uçarlary  satyn alyndy, şeýle hem ýokardaky uçarlaryň birleşdirilen trenažorlarynyň okuw merkezinde bolmagy gysga wagtyň içinde ökde uçarmanlary taýýarlamaga mümkinçilik berýär.