«Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebiniň talyp gyzynyň ýazan joşgunly goşgysy “Türkmeniň ýüpek ýoly” gazediniň 2026-nji ýylyň 19-njy sentýabrndaky (№38 “6376”) sanynda neşir edildi neşir edildi.
Galam tutmaga we öz içki duýgularyny çeper sözler arkaly beýan etmäge bolan höwes geljekki hünärmeniň diňe bir saýlap alan kärine däl, eýsem edebiýata we sungata hem uly sögi bilen garaýandygyny görkezýär. Metbugat sahypasynda neşir edilen bu goşgy talyp gyzymyzyň döredijilik dünýäsiniň ilkinji şowly ädimlerinden biri bolup, mekdebiň mugallymlarynyň we talyplarynyň arasynda uly buýsanç döretdi.
Käteler ýanyaryn, käteler sönýän,
Käte goşga siňip, gürlemän oňýan,
Dünýäde Gün dogýan bolsa Maşrykdan,
Meniň Günüm seniň gözлеňde dogýar.
Gara gözleriňde özümi görýän,
Şirin sözlerinden söýgüni duýýan,
Derdimi aýtmasam saralmagyn sen,
Yüregine agram salmaýyn diýýän.
Otursadym elim goýup eliňe,
Yssy mähriň degsedî meň demime,
Hyýalymda seň keşbiňi oýlamda,
Sil dek joşup ylham gelýär serime.
Söýdügimçe gelýär seni söýesim,
Gördügimçe gelýär ýene göresim,
Gara gözleriňe düşse nazarym,
Artýar meniň ýaşamaga höwesim.
Gara gözleriň ýyldyz deýin parlýar,
Gar dek ýüzüň pikirlermi durlayar,
Yüregimde tolun atýan bu söýgi,
Bat almasa, hiç haçanam sönmeýär.
Gijelem seň bilen, daýnym seň bilen,
Durman geçip barýan günüm seň bilen,
Bedenim alysda bolsa-da senden,
Ruhumam, añymam, dünýäm seň bilen.
Didaryň görmesem daňlarym atmaz,
Sesiňi eşitsem Güneşim batmaz,
Ölçejek diýseler meniň söýgimi,
Dünýäniň iň uly ölçegi ýetmez.
Garaşýan, ýanyyma begenemde gel,
Hem gýýýlan wagtym, gynamam da,
Juda ýetişmesen bulaň birine,
Ömrüň synagyna synalamda gel.
Rakyplara garşy dikdir bu serim,
Ýürekde aýratyn durandyr ýeriň,
Şygyrlarmy ele alyp okaýanda,
Pynhan syrlarymy okaýan meniň.
Beýik söýgim diňe maýna aýandyr,
Arkamdaky diregimdir, galamdyr,
Ýöne ony senden gizleýän närse,
Içimdäki edep bilen haýamdyr.
Sen bir deňiz bolsaň, men bolsam ada,
Towsup duran balyk bolsammy ýa-da?
Ýene bir hakykat şony aýdaýyn:
Söýgim ýalan däldir hakykky wada.
Mundan artyk sözi aýtmaýyn çakdyr,
Gara gözleriňi bir maňa bakdir,
Seni söýjek kändir goja dünýäde,
Ýöne men dek söýüp biljeki ýokdur.
— Eneş MÄTMUHAMMEDOWA, «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebiniň talyby.