Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary uniwersitetiň mugallymynyň ýolbaşçylygynda Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň we ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň tejribesini öwrenmek maksady bilen, Pekin şäherinde Hytaýyň nebit uniwersitetinde okuw-önümçilik tejribeligini geçýärler. Bu barada Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň resmi saýtynda habar berildi.
16-njy awgustda başlan okuw-önümçilik tejribeligi awgust aýynyň ahyryna çenli dowam edýär. Okuw-önümçilik tejribeligi üçin Hytaýyň nebit uniwersiteti ýörite meýilnama taýýarlady. Meýilnama laýyklykda uniwersitetiň talyplary Hytaýyň nebit uniwersiteti, onuň muzeýleri, tejribehanalary, okuw merkezleri bilen tanyşdyryldy. Tejribeligiň dowamynda CNPC kompaniýasyna we onuň önümçilik desgalaryna baryp gördüler. Şeýle hem talyplar birnäçe gysga möhletli okuwlara gatnaşdylar.
Toparyň ýolbaşçysy Hytaýyň nebit uniwersitetinde okuw-usulyýet işleriniň gurnalyşy, okuw meýilnamalarynyň we maksatnamalarynyň düzülişi, ýerine ýetirilişi, ylmy-barlag işleriň alnyp barlyşy, ylmy-barlag işleri geçirilýän tejribehanalar we talyplaryň ylmy-barlag işlerine çekilişi hem-de sanly tehnologiýalaryň bilim ulgamyna ornaşdyrylyşy bilen giňden tanyşdy.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen Hytaýyň Milli Nebitgaz Korporasiýasynyň hem-de Hytaýyň nebit uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek barada baglaşylan özara düşünişmek hakynda Ähtnamalara laýyklykda, daşary ýurt kompaniýalarynyň tejribesini öwrenmek maksady bilen, şu ýylyň iýun-iýul aýlarynda uniwersitetiň talyplary Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň «Internasional Ltd»-niň Türkmenistandaky şahamçasynyň önümçilik desgalarynda tomusky önümçilik tejribeligini geçdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: Türkmenistanly talyplar Hytaýyň …