Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň çäginde döredilen Maglumat elýeterlilik merkezi mümkinçiligi çäkli bolan Türkmenistanyň raýatalaryny muzdsyz kompýuter sowatlylygy okuwlaryna goşulmaga çagyrýar. Merkezde öň diňe eşidişden kynçylyk çekýän raýatlar (kerler we lallar) okaýardylar. Indi bolsa bu ýerde göz göreji bilen bagly kynçylyk çekýän (kör) adamlar üçin okuwlar hem açyldy.
Merkezde sapaklar hepdede üç gezek, günde üç sagat geçirilýär. Okuwyň dowamlylygy 2-3 aý. Sapaklary bu ugurda onlarça ýyllyk tejribesi bolan ökde hünärmen öwredýär.
Sapaklarda körler üçin klawiatura (Braille sense polaris) ýaly ýörite tehnologiýalar we usullar ulanylýar, olarda internete girmek, aýdym diňlemek, kitap okamak, e-poçta ýazmak we nauşnik ulanmak mümkinçiligi bar. Eşidiş taýdan kemçilikli raýatlara bolsa ýörite nauşnik (Hearing assistive aid) arkaly eşitmäge mümkinçilik berilýär.
Goşmaça maglumatlar üçin: +99312-36-19-26; +993-65-50-31-84
Maglumatlar şu salgydan alyndy: Türkmenistanda maýyplygy bolan …