Türkmenistan we Eýran gaz pudagynda ikitaraplaýyn bähbitli gatnaşyklary ösdürýärler

Image description

Türkmenistan we Eýran Yslam Respublikasy dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat we deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanyp, köp ýyllaryň dowamynda gaz pudagynda ikitaraplaýyn bähbitli gatnaşyklary ösdürýärler.

Türkmen tebigy gazyny Eýrana we onuň çäkleriniň üsti bilen üçünji ýurtlara ibermek ugrunda alnyp barylýan bilelikdäki işleriň oňyn tejribesi bu ugurda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ösdürmek üçin berk esas bolup hyzmat edýär.

Şunuň esasynda, häzirki wagtda türkmen we eýran tarapynyň gaz pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda ozal ýokary döwlet derejesinde gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek bilen bagly işleri has-da işjeňleşdirýändiklerini bellemek gerek. Şeýlelikde, eýran kompaniýalary bilen gazgeçiriji ulgamlary giňeltmek hem-de Eýrana tebigy gazyň goşmaça möçberlerini ibermek üçin, Türkmenistanyň çäginde uzynlygy 125 kilometr täze gazgeçirijini çekmek hem-de 

3 sany gaz gysyjy desgany gurmak işleri ýerine ýetiriler. Şunuň bilen birlikde Döwletabat-Sarahs-Hangeran ugry we “Çaloýuk” gaz ölçeýji bekediniň üsti bilen Eýran ugry boýunça iberilýän tebigy gazyň häzirki möçberlerini ýylda 40 mlrd. kub metre çenli artdyrmagyň meýilleşdirilýändigini bellemek zerur.

Tebigy gazy ibermekde bilelikdäki hereketleri işjeňleşdirmek üçin uly mümkinçilikleri ulanmak maksady bilen, 2024-nji ýylyň 

1-3-nji iýuly aralygynda Aşgabat şäherinde türkmen-eýran tarapynyň gepleşikleri geçirildi we Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasynda gaz pudagynda hyzmatdaşlygy geljekde hem ösdürmek bilen bagly soraglaryň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmen-eýran duşuşygynyň netijesinde taraplaryň arasynda türkmen tebigy gazynyň ýylda 10 mlrd. kub metre çenli möçberini SWAP usulunda Eýran Yslam Respublikasynyň üsti bilen Yrak döwletine ibermek babatda tebigy gazy satyn almak-satmak barada şertnama gol çekildi.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Türkmenistan we Eýran …