«Türkmenhowaýollary» döwlet gullygynyň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebinde 17.03.2026ý. senede Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly ar-myradyň mekany ýylynda Aşgabat, Arkadag şäherlerinde we welaýatlarda ýerleşýän orta we ýokary okuw mekdepleriniň okuwçylarynyň hem-de talyp ýaşlarynyň arasynda Türkmenistanyň Konstitusiýany, kanunlary düşündirmek, adam söwdasy, bilkastlaýyn adam öldürmek, agyr ten şikeslerini ýetirmek, neşe serişdeleriniň bikanun dolanşygy we beýleki jenaýatlara garşy göreşmek, öz janyňa kast etmek ýaly hereketleriniň, nika bozulmalarynyň öňüniň alynmagy, tebigaty goramak, telekeçilik işi baradaky kanunlary, terti-düzgüni berjaý etmek, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän döwlet syýasaty barada hem-de kanun bozulmalarynyň öňüni almak, ýol hereketiniň kadalaryny, ýaramaz endikleriň täsirleri, hadysalaryň netijeleri, jenaýatçylygyň alamatyny, ýangyn howply ýagdaýlaryň döremek howpuny, sagdyn durmuş we milli ahlak ýörelgelerini düşündirmek maksady bilen bilelikde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.