«Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebiniň talyplary Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler zalynda guralan MAMA «Ene tebigat» atly häzirki zaman sungatynyň halkara sergisine baryp gördüler.
Ekologiýa, daşky gurşawy goramak hem-de ynsan bilen tebigatyň aýrylmaz baglanyşygyna bagyşlanan bu halkara taslama Geýdar Aliýew adyndaky Gazna we Merkez, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy, IDEA taslamasy we Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan bilelikde guraldy. 2026-njy ýylyň oktýabr aýynda badalga alan sergi noýabr aýynda hem medeni-köpçülikleýin çäreler bilen dowam etdirildi.
Tebigatyň näzikdigini we umumy öýümiz bolan Ýer şarynyň öňündäki jogapkärçiligi sungatyň üsti bilen beýan edýän bu sergide talyplar şekillendiriş we dokma sungatynyň eserleri, heýkeltaraşlyk işleri hem-de garyşyk tehnikada ýerine ýetirilen täsin döredijilik nusgalary bilen tanyşdylar. 2024-nji ýylyň ahyrynda başlap, dünýäniň 10-dan gowrak ýurdunda üstünlikli geçirilen we ýerli sungat ussatlarynyň eserleri bilen baýlaşdyrylan bu taslama talyplarda uly täsir galdyrdy.
Beýle halkara medeni-ekologik çärelere gatnaşmak ýaşlaryň dünýägaraýşyny giňeltmekde, olarda daşky gurşawa aýawly garamak medeniýetini we estetik duýgularyny terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýedir.