«Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebi «STEM olimpiada» atly innowasion bilim bäsleşigi hem-de onuň bilen ugurdaş STEM sergisi 3-nji orna mynasyp boldy

Image description
Image for «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebi «STEM olimpiada» atly innowasion bilim bäsleşigi hem-de onuň bilen ugurdaş STEM sergisi 3-nji orna mynasyp boldy
Image for «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebi «STEM olimpiada» atly innowasion bilim bäsleşigi hem-de onuň bilen ugurdaş STEM sergisi 3-nji orna mynasyp boldy

2026-njy ýylyň 25-nji noýabrynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda ýurdumyzyň orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «STEM olimpiada» atly innowasion bilim bäsleşigi hem-de onuň bilen ugurdaş STEM sergisi geçirildi.

Bu döredijilik we ylmy-tehniki bäsleşikde «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebiniň topary hem öz taýýarlan innowasion taslamalary we ylmy-tehniki işläp taýýarlamalary bilen işjeň gatnaşyp, üstünlikli çykyş etdi. Ýokary derejede guralan bäsleşigiň netijeleri boýunça mekdebimiziň wekilleri hormatly 3-nji orna mynasyp boldular.

Ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlaryň ylym, tehnologiýa, inženerçilik we matematika ugurlary boýunça döredijilik ukyplaryny ýüze çykarmaga gönükdirilen bu çärede gazanylan üstünlik mekdebiň talyplarynyň döwrebap tehnologiýalary özleşdirmäge bolan uly höwesiniň we mugallymlaryň zähmetiniň netijesidir.