Türkmen wekiliýeti Nižnyý Nowgorodda «Tomusky institut-2024» atly halkara taslama gatnaşýar

Image description

Türkmenistanyň wekiliýeti «Ýaş mugallymlar we öwrenijiler üçin tomusky institut» atly halkara innowasion taslama gatnaşýarlar. Taslama N.A.Dobrolýubow adyndaky Nižegorod döwlet lingwistik uniwersitetinde badalga berildi.

Şu ýyl NDLU dünýäniň 11 ýurdundan: Hytaýdan, Hindistandan, Argentinadan, Belarusdan, Ermenistandan, Moldowadan, Türkmenistandan, Gazagystandan, Özbegistandan, Gyrgyzystandan we Täjigistandan 35 ýaşa çenli bolan ylym-bilim işgärleriniň 25-sini bir ýere jemledi.

Biziň ýurdumyzdan taslama Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň hem-de A.S.Puşkin adyndaky bilelikdäki türkmen-rus umumybilim berýän mekdebiniň wekilleri gatnaşýarlar.

Russiýa Federasiýasynyň ylym we ýokary bilim ministriniň orunbasary Dmitriý Afanasýew taslama resmi taýdan badalga berip, ýaş alymlaryň hünär taýdan ösmekleri üçin şertleri döretmegiň wajypdygyny belledi hem-de «Tomusky institutyň» çäklerinde taslama gatnaşyjylaryň öz bilimlerini çuňlaşdyrmaklary bilen birlikde, täze kärdeşlerini we pikirdeşlerini tapyp biljekdiklerine ynam bildirdi.

N.A.Dobrolýubow adyndaky NDLU-nyň rektory, filologiýa ylymlarynyň doktory, professor Žanna Nikonowanyň çärä gatnaşyjylara ýüzlenmesinde belleýşi ýaly, uniwersitet Tomusky institutyň halkara toparlaryna öz myhmansöýer gapylaryny açyşy birinji gezek däl. Dünýäniň 11 ýurdunyň we guramalaryň 24-siniň gatnaşmagy şu möwsümde buýsançlydyr we iň ýokary görkezijidir. Ýokary okuw mekdebiň rektory «Tomusky institut-2024»-iň köptaraply, howpsuz, depginli we öňdebaryjy dünýäni bilelikde gurmak baradaky asylly maksatlara hyzmat etjekdigine hem-de bir ugra bakýan berk köp medeniýetli akademiki maşgalanyň kuwwatyny has-da artdyrjakdygyna şek-şübhe ýokdugyny nygtady.

Taslama «Maglumat jemgyýeti we durmuşy kommunikasiýalar» atly giriş häsiýetli bilim toplumynyň çäklerinde okuwlary, «Nižnyý Nowgorod – ylmy giňişlik 4.0» maksatnamasyny, hyzmatdaş guramalaryň üçüsinde – Innopolis Uniwersitetinde, N.P.Ogerew adyndaky Milli ylmy-barlag Mordowa döwlet uniwersitetinde we Powolžsk döwlet tehniki uniwersitetinde (Wolgateh) medeniýetara ylmy-aragatnaşyk iş-tejribeleriniň geçirilmegi arkaly hünär ýokarlandyryş çäreleriniň tapgyryny özünde jemleýär.

Myhmanlar üçin «ArtScience-aralaşmasy: Russiýanyň sebitlerdäki paýtagtlarynyň medeni, innowasion, bilim gurşawy» atly medeni-dynç alyş maksatnamasy taýýarlanyldy. Oňa Nižegorod oblastynyň, Tatarystanyň, Mordowiýanyň we Mariý El Respublikasynyň şäherleri boýunça gezelençler girýär. Olaryň maksady Russiýanyň sebitleriniň etnomedeniýetini hem-de ylym-bilim kuwwatyny bilelikde öwrenmekden ybaratdyr.

Taslama Russiýa Federasiýasynyň Ylym we ýokary bilim ministrliginiň hem-de «Sosiologik barlaglar merkezi» diýlen Federal döwlet awtonom ylmy edarasynyň goldaw bermeginde durmuşa geçirilýär.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Türkmen wekiliýeti Nižnyý …