Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly, sözlär tili türkmeniň» atly konserte gatnaşmak üçin Türkmenistandan Moskwa gelen sazandalar taýýarlanyp başladylar.
Wekiliýetiň düzüminde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň, Marynyň Ýolaman Hummäýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň, şeýle hem Aşgabat şäherindäki 3-nji we 4-nji çagalar sungat mekdepleriniň wekilleri bar. Olaryň hatarynda Gözel Annahanowa, Aýlar Saparmyradowa, Aýbölek Muhyýewa, Leýla Babaýewa, Bekdurdy Çerkezow, Seýran Kasimi, Elman Nasyrow we Annaoraz Döwletow dagy wekilçilik edýärler.
Türkmen medeniýet işgärleriniň wekiliýeti bilen ilkinji taýýarlygy dirižýor Ýewgeniý Wolkow, şeýle hem Moskwanyň Nury Halmämmedow adyndaky «Dutaryň owazy» atly halkara sungat festiwalynyň kompozitory we art-direktory Mamed Guseýnow geçirdi.
Saparyň dowamynda sazandalar çäräniň guramaçylaryna türkmen milliligi şekillendirilen ýadygärlik sowgatlyklary gowşurdylar hem-de gezelenç bilen «Gelikon-opera» teatryna bardylar.
«Magtymguly, sözlär tili türkmeniň» atly konsert 21-nji awgustda «Dostlary jemleýäris» atly XVIII halkara aýdym-saz festiwalynyň çäklerinde Moskwanyň P.I.Çaýkowskiý adyndaky döwlet konserwatoriýasynyň Rahmaninow zalynda geçiriler.
Magtymguly Pyragynyň goşgularyna döredilen aýdym we saz eserlerinden, şeýle hem şahyra bagyşlanylan eserlerden ybarat bolan aýdym-saz maksatnamasy çeperçilik sergi bilen utgaşdyrylar. Konsertiň öňýanynda, «Magtymgulynyň mirasy we häzirki zaman saz sungaty» atly umumy sapak geçiriler.
Çäre Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanasynyň we Moskwanyň Nury Halmämmedow adyndaky «Dutaryň owazy» atly halkara sungat festiwalynyň art-direktory Mamed Guseýnow bilen hyzmatdaşlykda Moskwanyň P.I.Çaýkowskiý adyndaky döwlet konserwatoriýasynyň ýolbaşçylarynyň goldamagynda guraldy.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: Türkmen sazandalary Magtymguly …