Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň 2026-njy ýylyň 2-nji sentýabrynda Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçiren umumy okuw sapagynda beren öwüt-ündewlerini we çykyşynyň many-mazmunyny ýaşlaryň ar

Image description
Image for Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň 2026-njy ýylyň 2-nji sentýabrynda Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçiren umumy okuw sapagynda beren öwüt-ündewlerini we çykyşynyň many-mazmunyny ýaşlaryň ar
Image for Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň 2026-njy ýylyň 2-nji sentýabrynda Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçiren umumy okuw sapagynda beren öwüt-ündewlerini we çykyşynyň many-mazmunyny ýaşlaryň ar

Söhbet sapagynyň barşynda 2026-njy ýylyň 2-nji sentýabrynda Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň geçiren umumy okuw sapagynyň berkarar döwletimiziň bilim ulgamynda, ýaş nesli terbiýelemekde we Watana bolan söýgini kämilleşdirmekde taryhy waka bolandygyny nygtadylar.

Milli Liderimiziň çykyşynda bellenilip geçilişi ýaly, Garaşsyzlygymyz we Bitaraplygymyz halkymyzyň taryhy ýoly, ata-babalarymyzyň wesýeti we Magtymguly Pyragynyň arzuw eden beýik gurluşydyr. Okuw sapagynda Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlara çuňňur many-mazmunly nesihatlary berip, töwerekdäki syasy-ykdysady ösüşleri, durnuklylygy we adam hükuklaryny pugtalandyrmagyň ähmiýetini düşündirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň 2026-njy ýylyň 2-nji sentýabrynda geçiren taryhy umumy okuw sapagynda öňe süren nesihatlaryny talyplaryň arasynda yzygiderli wagyz edildi.

Talyplaryň arasynda «Akylly jemgyýet», sanly bilim, dil öwrenmek we milli terbiýe boýunça ýörite tematik sapaklary hem-de bäsleşikleri geçirmeli.

Ýaşlaryň ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly, Watana we halka wepaly kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin mekdepde ähli şertler yzygiderli kämilleşdirilýär