Okuwçylar we talyplar, täze okuw ýylyňyz bagtyýarlyga beslensin!

Image description

1-nji sentýabra çenli ýene-de birnäçe gün galdy, ýöne, eýýäm çagalaryň hem-de talyp ýaşlaryň arasynda täze okuw ýylynyň ruhy duýulýar. Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýiniň altynjy sergi zalynda Bilimler we talyp ýaşlar gününe bagyşlanylyp, surat we heýkel işleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy.

Muzeýiň sungat eserleri saklanylýan jaýlarynda Bilimler we talyp ýaşlar gününe degişli suratlar bar, şolarsyz bu baradaky mazmuny žiwopis eserleri arkaly açmagy göz öňüne getirmek kyn. Olar ýyl-ýyldan saklanýan ýerini terk edip, tomaşaçylar bilen ýene-de duşuşmak üçin sergi zalyna geçirilýär. Bular, elbetde, Ýewgeniýa Adamowanyň «1-nji sentýabr» hem-de Yzzat Gylyjowyň «Kitap bazary» işleridir. «1-nji sentýabr» suratynda maşgala agzalarynyň ählisiniň birinji synpa barýan gyzjagaza gerekli zatlary jemlemek ugrunda başdan geçirýän duýgulary: kiçi oglan jigisiniň guwanjy, gyz jigisiniň gabanjy, ejesiniň buýsanjy we goňşynyň bilesigelijiligi beýan edilýär. Birinji synp gyzjagazyň özi bolsa, biraz ulumsy sebäbi ol indi okuwçy.

Yzzat Gylyjowyň ýagty öwüşginlere baý «Kitap bazary» atly suraty ajaýyp eser bolup, paýtagtyň ýaşaýjylary üçin aýratyn düşnüklidir we gymmatlydyr. Ahyry, Aşgabat ýer titremesiniň netijelerinden soň, täzeden dikeldildi. Adamlar bilimlere tarap ymtyldylar, bilim bolsa şol wagtlar diňe kitaplardady. Halk suratkeşine şol döwrüň ruhuny: paýtagtyň merkeziniň binagärligini, adamlaryň özüni alyp baryşlaryny we şol wagtyň egin-eşiklerini örän takyk beýan etmek başardypdyr.

«Saragt Babaýewiň ussahanasynda» atly suratynda suratkeş Babageldi Owganow dörediji ýaşlaryň halk suratkeşi bilen Oguz hanyň synag heýkelini ara alyp maslahatlaşýan pursatyny şekillendiripdir.

Türkmen suratkeşleriniň işleriniň sergisiniň üsti muzeýe sowgatlar gaznasynyň surat eserleri bilen ýetirilipdir. Şunda ermeni suratkeşleriniň işleri-de goşulypdyr, olar, esasan, güllerden boglan çemenleriň natýurmort eserleridir. Şeýle güller çemeni bolsa 1-nji sentýabrda mekdepleriň hem-de ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary üçin baýramçylyk sowgadyna öwrülýär.

Martiros Sarýanyň iki natýurmorty – ol tebigatyň sentýabr aýy üçin taýýarlan iň datly nygmatlary barada gürrüň berýän eserler.

Serginiň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Suratkeşler birleşmesiniň we Türkmen döwlet medeniýet institutynyň wekilleri gatnaşdylar. Sergi tomaşaçylara oňyn duýgulary bagyş etdi.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Okuwçylar we talyplar, …