«Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebiniň talyplary Türkmen halysynyň milli muzeýine ylmy-medeni gezelenç gurnadylar.
Geljekki awiasion hünärmenler gezelençiň dowamynda asyrlar boýy halkymyzyň gözellik dünýäsini we çuňňur pähim-parasatyny özünde jemlän milli halyçylyk sungatynyň taryhy, täsin gölleriň manysy hem-de haly dokamagyň kämil tilsimleri bilen ýakyndan tanyşdylar.
Biziň ata-babalarymyzyň hyýalynda hem-de ertekilerinde asmanda parlamagyň gözbaşy bolup duran «uçýan halylar» hakyndaky arzuw-hyýallary bu günkü günde eziz Diýarymyzyň awiasiýasynda, gök asmanda parlaýan kuwwatly polat ganatlarda öz aýdyň beýanyny tapýar. Talyplar milli halylarymyzdaky nepis gölleriň we şekilleriň diňe bir sungat däl, eýsem belent uçuşlaryň, arzuwlaryň we belent maksatlaryň nyşanydygyna ýene bir gezek göz ýetirdiler.
Aýratyn hem, gezelençiň barşynda muzeýe giren germanýaly syýahatçy bilen ýyly we dostlukly söhbetdeşlik geçirildi. Daşary ýurtly myhman türkmen haly sungatynyň täsirli gözelligine, nepisligine we talyplaryň milli mirasy içgin bilýändigine ýokary baha berdi. Bu duşuşyk türkmen halkynyň meşhur myhmansöýerligini, milli gymmatlyklarymyzyň bolsa dünýä medeniýetinde eýeleýän ornuny ýene bir gezek aýdyň görkezdi.
Bu ylmy-medeni gezelenç talyplarda milli mirasa bolan buýsanjy artdyrmak bilen bir hatarda, olaryň hünär kämilleşmesinde we ruhy dünýäsiniň baýlaşmagynda uly ähmiýete eýe boldy.