Kazanda geçirilen gastronomiki festiwalyň çäklerinde Magtymguly Pyragynyň ýubileýi bellendi

Image description

2024-nji ýylyň 13-14-nji iýulynda Tatarystan Respublikasynyň paýtagtynda «Вкусная Казань» aşpezlik gastronomiki festiwalynyň çäklerinde beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy dabaraly ýagdaýda bellenip geçildi. 

Kazandaky Türkmenistanyň Baş konsullygy tarapyndan gurnalan şahyryň ýubileý dabarasy festiwalyň ruhunda geçirildi. Açyk otda palaw we ýarma ýaly türkmen milli tagamlaryny taýýarlamak boýunça ussatlyk sapaklary festiwalyň ýatdan çykmajak esasy wakalarynyň biri boldy. Türkmen milli aşhanasynyň bu meşhur tagamlary hiç bir gatnaşyjyny biperwaý galdyrmady, sebäbi öz işiniň hakyky ussatlary tagamlary taýýarlamagyň inçeliklerini we syrlaryny görkezdiler. Festiwala gatnaşyjylar aşpezleriň töweregine uly gyzyklanma bilen ýygnandylar we olara türkmen naharlaryny taýýarlamagyň tehnologiýasy barada sorag berdiler.

Şol wagt hemmeler tomusyň yssy howasynda palawyň taýýar bolaryna garaşýan pursatlary, türkmen aşpezleri hakyky türkmeniň çaý içmek däbiniň ruhunda myhmanlara açyk otda tüňçede gaýnadylan gyzgynjak çaýy hödürlediler.

Şol bir wagtyň özünde, festiwalyň esasy sahnasynda gatnaşyjylaryň öňünde  «Dutaryň sesi» atly toparyň ýerine ýetirmeginde dutar saz guralynda aýdym-saz ýaňlandy. Türkmen bagşy-sazandalary köpçüligiň şowhunly el çarpyşmalarynyň astynda  festiwala gatnaşyjylar üçin Magtymguly Pyragynyň  goşgularyna döredilen aýdymlary aýtdylar.

Festiwalyň ahyrynda ähli tagamlar taýýar bolanyndan soň, gatnaşyjylar türkmen milli tagamlaryndan adyp görüp, lezzet almaga münkinçilik aldylar. Dadyp görmekden başga-da, ýokary derejeli myhmanlar üçin ajaýyp furşet gurnaldy, olar türkmen aşpezleriniň ussatlygyna we hödürlenýän tagamlaryň dürlüligine baha berdiler.

Şeýlelik bilen, bu çäre Kazanyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny Türkmen halkyna däp bolan adaty tagamlary bilen tanyşdyrmaga we beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligi ýurtlar bilen halklaryň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylmagyna goşant goşdy.

Belläp geçsek, «Вкусная Казань» gastronomiki festiwaly her ýylda geçirilip, ol Russiýanyň ähli künjeklerinden we goňşy ýurtlardan gelen ussat aşpezleri, gastronomiki höwesjeňleri bir ojagyň daşyna jemleýän dabaraly çäredir.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Kazanda geçirilen gastronomiki …