Kämillige tarap ädim: Hünärmen ösüşi maksatnamasynyň I tapgyry üstünlikli tamamlandy

Image description

Alty hepde dowam eden güýçli hem-de ýokary öndürijilikli okuw geçirildi. «Egmont Aviation d.o.o.» kärhanasynyň halkara derejeli uçarman-tälimçisiniň gatnaşmagynda geçirilen öňdebaryjy okuw kursunyň birinji tapgyry üstünlikli tamamlandy.

 

Awiasiýa ulgamyny täze belentliklere çykarmak boýunça giň möçberli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär  ine muňa aýdyň mysal,  “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugynyň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebiniň uçarman-instruktorlary diňe bir nazarýet okuwlaryny we trenažor türgenleşiklerini geçirmek bilen çäklenmän, öz iş çemeleşmelerini halkara tejribesi bilen deňeşdirdiler, çylşyrymly uçuş ýagdaýlaryny seljerdiler hem-de gündelik işlerinde ulanyljak döwrebap howa gämileriniň uçuşda ulanylşyny kämilleşdirdiler. Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebiniň maddy enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we zerur bolan hünärmenleri halkara tejribesinde taýýarlamak ýaly işler esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Şol nukdaýnazardan ugur alyp mekdebimiziň uçarman-instruktorlaryna Ýewropa (EASA) standartlaryna doly laýyk gelýän sertifikatlaryň gowşurulmagy bizi diýseň buýsandyrýar. Sertifikatyň alynmagy Hormatly Prezidentimiziň raýat awiasiýasyny ösdürmek maksatnamasynyň çäginde kesgitlän strategiki maksatlaryna laýyk gelýär. Ähli uçarman-instruktorlarymyz synaglaryny ynamly tabşyryp, Ýewropa (EASA) standartlaryna doly düşünýändiklerini görkezdiler. Bu üstünlik diňe bir nobatdaky baha däl-de, eýsem mekdebimiziň umumy ösüşine we okuwçylarymyza berilýän bilimiň hilini kämilleşdirmäge goşulan uly goşantdyr.

Bu okuw kursy uly maksatnamanyň diňe birinji tapgyrydyr. 2027-nji ýylda geçirilmegi meýilleşdirilýän ikinji tapgyrda okuw usullary çylşyrymly ýagdaýlardaky çuňlaşdyrylan görnüşde geçiriler. Uçarman hünärmenlerimizi gazanan ajaýyp netijeleri bilen gutlaýarys hem-de «Egmont Aviation» kompaniýasynyň hünärmenine minnetdarlyk bildirýäris!

Awiasiýa hünärmenlerini taýýarlamaga ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly gahryman Serdarmyza köp sag bolsunlary aýtýarys.