ICAO TRAINAIR PLUS

Image description

Halkara raýat awiasiýasy guramasynyň (ICAO) wekili «Türkmenhowaýollary» agentliginiň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebini ICAO-nyň TRAINAIR PLUS maksatnamasynyň agzalyk güwänamasyny almak üçin geçirilýän standart baha beriş tapgyryndan üstünlikli geçirdi.

 

Baha beriş işleri 2025-nji ýylyň 14 — 17-nji apreli aralygynda ICAO-nyň mümkinçilikleri ösdürmek we ornaşdyrmak býurosynyň okuw ulgamlaryny taýýarlamak boýunça hünärmeni jenap Rolando Tamayo tarapyndan geçirildi. Dört günlük barlagyň dowamynda bilermen okuw merkeziniň halkara awiasiýa ülňülerine laýyklygyny seljerdi.

 

ICAO-nyň TRAINAIR PLUS maksatnamasynyň agzalyk güwänamasynyň alynmagy Türkmenistanyň awiasiýa ulgamyny halkara awiasiýa hünärmenlerini taýýarlamak ulgamyna integrirlemekde we milli awiakompaniýanyň işgärleriniň hünär derejesini Halkara raýat awiasiýasy guramasynyň talaplaryna laýyklykda ýokarlandyrmakda möhüm ädim bolup durýar.

«Türkmenhowaýollary» agentliginiň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebi Raýat awiasiýasynyň halkara guramasynyň ICAO TRAINAIR PLUS maksatnamasy boýunça agzalylyk sertifikatyny almak barada amallar üstünlikli ýerine ýetirilip sertifikat alyndy.