Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekiliýeti «Huawei» kompaniýasy tarapyndan geçirilen «Bilim intellektini ýokarlandyrmak üçin MKT ugrundan zehinleri ösdürmek» atly çärä gatnaşdy. Çäräniň dowamynda «Huawei Global Public Affairs BU» bölüminiň wise-prezidenti we baş direktory Li Szýunfen çykyş etdi. Çärede bilim ulgamynyň işini ýokarlandyrmak üçin maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary (MKT) ugrundan hünärmenleri taýýarlamak meselesi esasy ugur hökmünde kesgitlenildi. Li Szýunfen MKT-ugrundan zehinleri ösdürmek we olary intellektual bilim ekosistemalaryny döretmek maksady bilen bilim ulgamyna ornaşdyrmak boýunça «Huawei»-iň strategiýasyny hödürledi. Mundan başga-da, kompaniýa bilim beriş prosesiniň netijeliligini ýokarlandyrmakdaky işleri, emeli intellekt we bulut tehnologiýalaryny ulanmagy öz içine alýan sanly özgertme çözgütleri bilen tanyşdyrdy. Çäräniň gatnaşyjylary MKT hünärmenlerini okatmak boýunça «Huawei»-iň başlangyçlarynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy giňeltmek mümkinçiliklerini, şeýle-de sanly ykdysadyýetiň talaplaryna laýyk gelýän hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, kompaniýanyň çözgütlerini Türkmenistanyň bilim ulgamyna ornaşdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmenistanyň Bilim ministrligi.