Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy, şu ýyl 70 ýaşy dolan heýkeltaraş Orazmyrat Gurbanowyň işleriniň şahsy sergisi guraldy.
Sergä gelenleriň nazary, ilki bilen, Orazmyrat we Jumagül Gurbanowlaryň portretinde eglenýär, ony olaryň gyzy Laçyn Rejepgulyýewa çekipdir. Görnükli medeniýet we sungat işgärleriniň döşheýkelleriniň arasynda Orazmyrat bilen Jumagülüň hem iki döşheýkeli bar. Myhmanlar Orazmyrat bilen Jumagüli ýubileýi bilen gutlaýardylar. Çäre köpçülikleýin sergä meňzeýärdi. Jumagül Gurbanowa Orazmyrat Gurbanowanyň aýaly, şeýle hem onuň mähriban ylham çeşmesi we talapkär maslahatçysy. Söwer Jumagüli bolmadyk bolsa Orazmyrat Gurbanow, belki, beýle köp ajaýyp eser döredip bilmezdi.
Orazmyrat Gurbanow hemişe gözleýän heýkeltaraş. Ol esasan realistik žanrda işleýär, ýöne kämahal döredijilik ugruny üýtgedýär-de, abstraksiýa geçýär we zenan şekilidigi çala bildirýän heýkeller döredýär. Iki taraply heýkeller hem onuň döredijiliginiň bir ugrydyr. Sergide bir tarapy zenan, beýlekisi erkek şekilli heýkeli bar. Mundan başga-da, Orazmyrat Gurbanow üç taraplaýyn heýkelleri döretmäge başlady. Olaryň biri «Halypalarym» atly işi sergide görkezilýär. Bir heýkelde Türkmenistanyň halk suratkeşleri Babasary Annamyradow, Saragt Babaýew we Ýedi Medetow tomaşaçylara üç tarapdan seredýärler.
Dogduk Diýarynyň haýwanat dünýäsiniň wekilleriniň köpüsiniň heýkelleri Orazmyrat Gurbanowyň çagalyk ýyllaryny oba ýerinde, Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynyň Zähmet obasynda geçendigini görkezýär, heýkeltaraş olaryň owadanlygynyň we nepisliginiň haýrany bolup, toýundan haýwanlaryň mylaýym şekillerini ýasady. Orazmyrat Gurbanowyň heýkelini ýasamadyk haýwany ýok bolsa gerek. Sergide görkezilýän haýwanat dünýäsiniň ekspozisiýasy, jerenleriň, sugunlaryň, atlaryň, düýeleriň we möjekleriň ençeme heýkelinden ýaňa doňup galan haýwanat bagyna meňzeýär. «Ýaş çopan» atly heýkeli onuň döredijiliginiň özboluşly nusgasydyr. Bu köp şekilli kompozisiýada Orazmyrat Gurbanow tejribeli çopanlaryň tiz wagtda öri meýdanlarynda öz ornuna geljek oglana kär syrlaryny gürrüň berýän pursadyny şekillendiripdir. Bu kompozisiýada dowar sürüsindäki mallaryň şekiliniň näçedigi hasam gyzyklandyrýar. Dowar şeýle bir köp welin, hatda awtoryň özem hem olaryň sanyny takyk bilmeýär. Mallaryň sanyndan çen tutsaň, belki, Orazmyrat Gurbanowyň heýkeli Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilip bilner.
Türkmenistanyň halk suratkeşi Gylyçmyrat Ýarmämmedow sergiden galan täsirleri barada gürrüň berip:
– Orazmyrat Gurbanowyň işeňňirligine haýran galýaryn. Aýratynam nepis tapbilerligi, tebigy degişme we synçylygy görnüp duran kiçijik eserlerini halaýaryn – diýdi.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: Heýkeltaraş Orazmyrat Gurbanow …