Her ýylyň 1-nji sentýabrynda Türkmenistanda Bilimler we talyp ýaşlar güni giňden bellenilip geçilýär. Baýramçylyk mynasybetli biziň okuw mekdebimizde hem dabaraly baýramçylyk çäresi geçirildi. Bu baýramçylyk çärämizde mekdebimiziň direktory we okuw işleri boýçunça orunbasary okuwçylarymyzy talyp ýaşlary we bilimler güni bilen gutlap çykyş etdiler. Geçen okuw ýylynda orta hünär mekdepleriniň arasynda dersler boýunça geçirilen olimpiýadalardan ýer alan talyplarymyza “Hormat hatlary” gowşuryldy. Mekdebimiziň çeper höwesjeňleri watanymyza basgyşlanan aýdym-sazlar bilen şowhunly çykyş etdiler. Soňra «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň Howa ulaglarynyň işgälerini taýýarlaýan mekdebiniň mejlisler zalynda 2025-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” ady bilen geçiriljek 2025-2026-njy okuw ýylynyň birinji ýarymýyllygynyň ilkinji okuw sapagy geçirildi. Oňa mekdebimiziň ähli kursunyň talyplary gatnaşdylar.