2026-njy ýylyň 14-16-njy sentýabry aralygynda «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebinde Halkara howa ulaglary assosiasiýasynyň (IATA) ýöriteleşdirilen okuwy geçirildi.
Uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmekde möhüm orny eýeleýän «ULD Operations» (Uçuş ýük konteýnerleri we platformalary bilen işleşmek) mowzugyna bagyşlanan bu okuwa Amsterdam awiasiýa akademiýasynyň toparynyň ýolbaşçysy, instruktor Diarto Aalders instruktorçylyk etdi.
Okuwa pudagyň dürli ugurlaryna wekilçilik edýän hünärmenler we instruktorlar işjeň gatnaşdylar. Olaryň hatarynda:
Okuwyň dowamynda ULD enjamlaryny halkara IATA standartlaryna laýyklykda dogry ulanmak, ýükleri howpsuz ýerleşdirmek we tehniki kadalary berjaý etmek ýaly wajyp ugurlar amaly hem-de nazary tarapdan öwrenildi. Gatnaşyjylar bu okuwyň özleri üçin uly halkara tejribe bolandygyny, iş amalyýetini kämilleşdirmäge we hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga uly ýardam etjekdigini bellediler.
Okuw maslahatynyň ahyrynda okuwy üstünlikli tamamlan gatnaşyjylara halkara derejesindäki professional taýýarlygy subut edýän ýörite sertifikatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Ýurdumyzyň raýat awiasiýasyny dünýä derejesine çykarmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir!