Zeminiň çar künjünde dürli döwletleriň ýurt Garaşsyzlygynyň şanyna dikilen binalar bar. Olaryň hersiniň özboluşly taryhynyň bolşy ýaly, gaýtalanmajak gözelligi hem göreni haýran edýär. Şolaryň käbiri barada gürrüň etmegi makul bildik.
Garaşsyzlyk sütüni. Bu ýadygärlik Meksikanyň Garaşsyzlygynyň 100 ýyllygy mynasybetli 1910-njy ýylda Mehikonyň Paseo-de-la-Reforma şaýolunyň ugrunda bina edilýär. 36 metr beýikligi bolan ýadygärligiň dörtburç binýadynyň her çüňkünde kanuny, urşy, adalatlylygy we parahatçylygy aňladýan bürünç heýkeller ýerleşdirilipdir. Ýadygärlik sütüniň üstünde grekleriň Nika Hudaýynyň ýedi metrlik heýkeli bar.
* * *
Azerbaýjanyň Garaşsyzlyk ýadygärligi. Bu ýadygärlik Azerbaýjan Demokratik Respublikasynyň yglan edilmeginiň (1918-nji ýylyň 28-nji maýy) hormatyna Baku şäherinde bina edilip, onuň açylyşy 2007-nji ýylyň 25-nji maýynda bolýar.
* * *
Braziliýanyň Garaşsyzlyk ýadygärligi. San-Paulu şäherinde, Ipirang derýasynyň kenarynda, Braziliýanyň imperatory Pedru I tarapyndan 1822-nji ýylyň 7-nji sentýabrynda ýurt garaşsyzlygy yglan edilen ýerde bina edilen bu ýadygärlik «Ipirang ýadygärligi» ady bilen hem bellidir. Ýadygärlik Braziliýanyň Garaşsyzlygynyň 100 ýyllygy mynasybetli gurlupdyr.
* * *
«Istiklol» Garaşsyzlyk toplumy. Duşanbe şäheriniň merkezinde ýerleşýän bu binagärlik toplumynyň açylyşy 2022-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda bolýar. Ýadygärligiň umumy beýikligi 121 metr. Ol 30 we 91 metrlik iki bölekden ybarat. Aşaky bölegi Garaşsyzlygyň 30 ýyllygyny, ýokarky bölegi Täjigistanyň özygtyýarlylygynyň yglan edilen ýylyny aňladýar.
* * *
Kambojanyň Garaşsyzlyk binasy. Kambojanyň paýtagty Pnompen şäherinde ýerleşýän bu ýadygärlik 1958-nji ýylda ýurduň özygtyýarlylygyny gazanmagynyň 5 ýyllygy mynasybetli gurulýar. Khmerleriň Angkor-Wat ybadathanasynyň äheňinde, lotos şekilli bina edilen ýadygärligiň meýdany baýramçylyk günlerinde dabaralaryň esasy ýaýbaňlanýan ýerine öwrülýär.
* * *
Özbegistanyň Garaşsyzlyk binasy. Daşkendiň Garaşsyzlyk meýdanyndaky bu ýadygärlik 1992-nji ýylda bina edildi. 2005-nji ýylda Mustakillik meýdanynda bejeriş-abatlaýyş işleriniň geçirilmegi netijesinde ýadygärlige «Bagtly ene» heýkeli goşuldy.
Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Arslanbek ABDYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: Garaşsyzlyk binalary