«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Hormatly Arkadagymyzyň we Arkadagly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde Türkmenistanyň Raýat awiasiýa pudagy üçin halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamaga aýratyn ähmiýet berilýär we bu ugurda «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugy tarapyndan halkara guramalary bilen yzygiderli işler alnyp barylýar.
«Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebiniň binýadynda halkara awiasiýa talaplaryna laýyklykda hünärmenleri taýýarlamak, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak hem-de Raýat awiasiýasynyň halkara guramasynyň (ICAO) “Trainair Plus” maksatnamasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler yzygiderli dowam edýär.
20.04.2026-01.05.2026 seneler aralygynda iki tapgyrdan ybarat bolan “Awiasiýa okuw guramasyny düzgünleşdirmek we dolandyrmak” okuwlary gurnaldy we okuwlary üstünlikli tamamlan 24 sany hünärmene halkara derejeli sertifikatlar gowşuryldy. Bu okuwlaryň dowamynda gatnaşyjylar tarapyndan:
öwrenildi.
04.05.2026-15.05.2026 seneler aralygynda iki tapgyrdan ybarat bolan “Instruktorlary taýýarlamak” okuwlary gurnaldy we bu okuwlary üstünlikli tamamlan 24 sany hünärmene halkara derejeli sertifikatlar gowşuryldy. Bu okuwlaryň dowamynda gatnaşyjylar tarapyndan:
Häzirki wagtda ýokarda agzalan okuwlary üstünlikli tamamlan Mekdebiň tejribeli işgärlerinden ybarat bolan ýokary hünär derejeli topar döredilip, halkara ülňülerine laýyk gelýän okuw hyzmatlaryny ösdürmek ugrunda yzygiderli işler alnyp barylýar. Häzirki zaman halkara talaplaryna laýyk gelýän, iş başarjaňlygyna esaslanýan (CBT – Competency-based training) usulýeti boýunça täze okuw maksatnamalaryny taýýarlamak, halkara derejeli instruktorlary we okuw dolandyryjylaryny taýýarlamak hem-de Mekdebiň maddy-tehniki binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça degişli işler durmuşa geçirilýär.
«Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebinde halkara derejeli awiasiýa hünärmenlerini taýýarlamak, okuw hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak hem-de halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda işler mundan beýläk hem dowam etdirilýär.