Şu gün Astanada iş sapary bilen bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Sammitiniň çäklerinde geçirilýän wekiliýet Baştutanlarynyň «ŞHG+» görnüşindäki duşuşyga gatnaşýar.
Sammite gatnaşmak üçin Astana ŞHG-niň agza döwletleriň hem-de bu Guramanyň synçylaryň we dialog boýunça hyzmatdaşlaryň derejesine eýe bolan ýurtlaryň ýolbaşçylary geldiler. Şeýle hem foruma halkara we sebit guramalarynyň ýolbaşçylary, şol sanda BMG-niň Baş sekretary çagyryldy.
ŞHG-niň hemişelik esasda hereket edýän hökümetara halkara guramasydygyny ýatladýarys. Onuň işiniň esasy wezipeleri sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmakdan häzirki döwrüň howplaryna hem-de wehimlerine garşy göreşmek maksady bilen tagallalary birleşdirmekden syýasy ulgamda oňyn dialogy, netijeli söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmekden ybaratdyr. Şu ýyl ŞHG-de Gazagystan Respublikasy başlyklyk edýär.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly …