BAGTYÝAR ÇAGALYGYŇ MEKANYNDA

Image description

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýardam bermeginde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda guralan «Awaza — dostluk mekany» atly medeni-köpçülik we sport çäreleri berkarar Watanymyzyň bagtly çagalygyň mekanydygyny nobatdaky gezek bütin dünýä äşgär etdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Biziň amala aşyrýan her bir işimiz, belent tutumlarymyz köňüllerimiziň guwanjy bolan şadyýan çagalarymyzyň bagtly geljegine gönükdirilendir» diýen çuň mazmunly sözleriniň ýene bir ýola dabaralanmasyna öwrüldi.

Bu medeni-köpçülik we sport çärelerine «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň mart aýynda Arkadag şäherinde mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen halkara matematika olimpiadasynda 1-nji orna mynasyp bolan Russiýa Federasiýasynyň mekdep okuwçylaryna hem gatnaşmak miýesser etdi. Olara olimpiadada gazanan üstünlikleri üçin Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Daýanç» sagaldyş merkezinde dynç almak üçin 10 günlük ýollanmalar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Şeýlelikde, russiýaly zehinli mekdep okuwçylary haýyr-sahawat gaznasynyň ýardamy bilen bejergi alan ýurdumyzyň çagalary hem-de paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgünde terbiýelenýän we bilim alýan çagalar bilen bilelikde, Awazanyň kenarynda şatlyk-şowhuna, ruhubelentlige beslenen medeni-köpçülik we sport çärelerine uly höwes bilen gatnaşdylar. 

Hazaryň ajaýyp kenarynda guralan çäreler oňa gatnaşan çagalara ýakymly täsirleri, ýatdan çykmajak pursatlary peşgeş berdi. «Arkadag sahawaty — ömürleriň çyragy» diýen at bilen badalga alan dynç alyş tapgyrynyň dürli çäreleri di¬ňe tomusky dynç alyş möwsüminiň şatlyk-şowhuna, täsirli pursatlara beslenmegini üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, çagalaryň köptaraply ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmakda hem möhüm ähmiýetli boldy. Bu çäreler çagalary birek-birege ysnyşdyrdy, dostlaşdyrdy. 

Medeni-köpçülik we sport çäreleri «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň gözel ýerlerine, de¬ňiz gi-ňişligine, muzeýlere guralan gezelençleri, dürli mazmunly döredijilik bäsleşiklerini, çeper okaýyşlary, gyzykly sport ýaryşlaryny, toparlaýyn oýunlary, sahna tomaşalaryny, aýdym-sazly çykyşlary, hünär synaglaryny, döredijilik duşuşyklaryny hem-de beýleki birnäçe ugurlary öz içine aldy. Bu bolsa çagalaryň her bir gününiň gyzykly, ýatda galyjy bolup, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna ýene dynç almaga gelmek arzuwlaryny goşalandyrdy. Şeýle arzuw-islegleriň «Awaza — dostluk mekany» atly medeni-köpçülik we sport çärelerine gatnaşan çagalaryň ählisinde dörändigi şübhesizdir. Muny tomusky dynç alyş möwsüminde täsin de¬ňiz kenarynda ýokary derejede dynç almaga hem-de täze dostlary tapmaga döredilen ajaýyp mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we A r k a dag ly Gah r y man Serdarymyza aýdylýan çäksiz hoşallyk sözleri hem subut edýär. Dostlukly döwletden gelen çagalar Türkmenistan Watanymyz we dünýä syýahatçylygynyň merjeni hökmünde ykrar edilýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy bilen tanyşmaga, ýurdumyzyň bagtyýar ýaşlary bilen dostlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin özlerini bagtly saýýarlar. 

Guwanç ÇENDIROW, Türkmenistanyň Magtymguly

Adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat

geňeşiniň başlygy, Mejlisiň deputaty,

"Türkmenistan"

13.08.2024ý. №204

Maglumatlar şu salgydan alyndy: BAGTYÝAR ÇAGALYGYŇ MEKANYNDA