Şu gün Gazagystan Respublikasynda iş sapary bilen bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gündogaryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň Astanada gurlan ýadygärliginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Ajaýyp söz ussadynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejesinde baýram edilýän ýylynda geçirilýän dabara iki doganlyk halkyň medeni we ruhy gatnaşyklarynyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýandygyna, Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň mizemezdigine aýdyň şaýatlyk edýär.
Magtymguly Pyragynyň Astanada dikeldilen ýadygärliginiň beýikligi 8,5 metre golaýdyr. Heýkeltaraş Magtymguly Pyragynyň keşbini döredijilik bilen meşgullanýan pursatynda şekillendiripdir. Ýadygärligiň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylyp, bagy-bossanlyga öwrülipdir.
Mälim bolşy ýaly, 17-nji maýda Aşgabatda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda türkmen halkynyň beýik oglunyň ýadygärliginiň hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň аçylyş dabarasy boldy. Bu giň möçberli taslama Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça durmuşa geçirildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri milli nusgawy edebiýatyň düýbüni tutan beýik şahyra «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly ajaýyp goşgusyny bagyşlady. Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde ýerleşen täze seýilgähiň çäginde dürli ýurtlaryň, şol sanda Gazagystanyň meşhur sungat işgärleriniň heýkelleriniň hem ornaşdyrylmagy bellärliklidir. Munuň özi halklaryň dost-doganlygynyň aýdyň nyşanlarynyň biridir. Magtymguly Pyragy özüniň öçmez-ýitmez goşgularynda bu gymmatlyklary ussatlyk bilen wasp etdi.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: Astanada Magtymguly Pyragynyň …