Täze taryhy döwürde halkymyzyň ynsanperwer, ruhy-ahlak gymmatlyklary ýurdumyzyň Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän oňyn içeri we daşary syýasatynyň esasyny düzýär. 18.03.2026ý. senede nowruz baýramy mynasybetli Aşgabat şäherinde “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at – myradyň mekany” ýylynda Milli bahar baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi we “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugy bilen bilelikde pudagyň edara kärhanalarynda zähmet çekýän gelin-gyzlarynyň arasynda “Hünärim bar – hormatym bar” atly geçirilen baýramçylyk bäsleşiginde Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebinden hem gatnaşyp mekdebiň Zenanlar guramasynyň başlygy Hudaýberdiýewa Bägül mugallym mynasyp çykyş edip I orna mynasyp boldy.