27-nji fewralda paýtagtymyzda ýerleşýän «Türkmenhowaýollary» agentliginiň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebi Türkmenistanyň milli hünär bilim ulgamyny kämilleşdirmegiň ugurlary boýunça pikir alyşmak üçin netijeli meýdança öwrüldi. Bu okuw mekdebiniň binýadynda Arkadag, Aşgabat şäherleriniň hem-de Ahal welaýatynyň orta hünär okuw mekdepleriniň jemgyýetçilik başlangyçlary esasynda döredilen Okuw-usuly geňeşiň mejlisi geçirildi.
Geçirilen çäre ýurdumyzda täze nesil hünärmenleri taýýarlamak boýunça bitewi we utgaşykly ulgam döretmek üçin berk binýat goýdy. Bu möhüm işler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürlen başlangyçlara laýyklykda amala aşyrylýar.
Mejlise gatnaşyjylar bilim ulgamynyň sanly özgertmelerini ilerletmek meselesine aýratyn üns berdiler. «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» durmuşa geçirilişi barada berlen hasabatlar anyk netijeleri görkezdi. Onuň esasynda geljekde innowasion tehnologiýalary has giňden ornaşdyrmak üçin möhüm wezipelere garaldy.
Şeýle hem, maslahatda diliň özleşdiriliş derejesini bahalandyrmak ulgamyny kämilleşdirmek we hünär bäsleşiklerini guramak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Halkara tejribelerden ugur alyp, Türkmenistan XXI asyryň sanly ykdysadyýetiniň talaplaryna doly laýyk gelýän özboluşly milli hünärmen taýýarlamak ulgamyny döretýär.
Çärä gatnaşyjylar hünär tejribelerini paýlaşmakda aýratyn işjeňlik görkezmek bilen, ýaş hünärmenleri taýýarlamagyň möhüm ugurlary boýunça gyzgalaňly çekişmeleri alyp bardylar. Mejlisiň dowamynda innowasion bilim usullaryny we tehnologiýalary ornaşdyrmagyň amaly taraplary bilen baglanyşykly möhüm soraglar gozgalyp, giňişleýin pikir alyşmalar geçirildi.
Geçirilen okuw-usuly geňeşiň mejlisi milli bilim ulgamynyň yzygiderli ösdürilmeginde möhüm ädim bolup, hünärmenleriň we mugallymçylyk işgärleriniň kämilleşmegi üçin täze mümkinçilikleri açdy. Täze bilim tejribelerini ornaşdyrmak we okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmek Türkmenistanyň intellektual kuwwatyny pugtalandyrmaga hem-de Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň durmuş-ykdysady ösüşine uly goşant goşmaga gönükdirilendir.