«Türkmenhowaýollary» agentliginiň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan
mekdebinde 2025-nji ýylyň 27-29-nji avgustda Raýat awiasiýasynyň Ýewropa
konferensiýasy tarapyndan (ECAC) raýat awiasiýasynyň howpsuzlygy boýunça
durmuşa geçirilýän “Afrikada, Ýakyn Gündogarda we Aziýada raýat
awiasiýasynyň howpsuzlygy (CASE II)” taslamasynyň çäklerinde okuwlar
geçirildi.
CASE II taslamasynyň umumy maksady özara hyzmatdaşlygy ýola goýmak
arkaly, sebitiň hyzmatdaş döwletleriniň raýat awiasiýasynyň howpsuzlygyny
güýçlendirmek üçin raýat awiasiýasyna abanýan terrorçylyk howpuna garşy
durmakdan ybaratdyr.
Raýat awiasiýasynyň Ýewropa konferensiýasyndan (ECAC) gelip gowşan teklipler
esasynda 2025-nji ýylyň dowamynda «Türkmenhowaýollary»agentliginiň we onuň
garamagyndaky halkara howa menzilleriniň awiasiýa howpsuzlygy boýunça
hünärmenleri şu okuwa gatnaşdylar.
Hünärmenlerimiz bu okuwlary üstünlikli tamamladylar we bu barada degişli
sertifikatlary aldylar.