2026-njy ýylyň fewral aýynyň 26-syna Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Hormatly Prezidentimiziň: "Men ýurdumyzyň ýaşlarynyň ene-ata we il-ýurt öňündäki mukaddes borjuny berjaý edip, mynasyp adamlar bolup ýetişjekdiklerine, ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda jan aýaman zähmet çekjekdiklerine pugta ynanýaryn” diýen ajaýyp sözlerini belent wezipe edinip, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda Halkara zenanlar güni mynasybetli talyp gyzlaryň zehin-başarnygyny, ugurtapyjylygyny, maksadaokgunlylygyny, ruhubelentligini, eziz Watanymyza we mähriban halkymyza bolan çäksiz söýgüsini hem-de buýsançlylygyny, ene-mamalarymyzdan miras galan asylly däp-dessurlarymyzy we halkymyzyň köp öwüşginli medeni mirasynyň nepis aýratynlyklaryny kämil bilişini, şol gymmatlyklary ýas nesillere ýetirmek ukybyny, maşgala durmuşyna taýýarlygyny, gyz maşgala mahsus medeniýetini, ýokary ahlak sypatlaryny we edep-ekramlylygyny açyp görkezmek maksady bilen, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň arasynda yglan eden “Talyp gözeli – 2026” atly gözellik bäsleşigi geçirildi. Bu bäsleşige «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebiniň “Awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmek” hünäriniň 1-nji ýyl talyby Çaryýewa Aýnur Çaryýewna gatnaşyp mynasyp çykyş etdi.