”Türkmenhowaýollary” döwlet gullygynyň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebiniň guramaçy-mugallymy Agajan Çaryýew Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasy we “Ýaşlyk” teleradioýaýlymy bilen bilelikde taýýarlanan gepleşikde myhmançylykda boldy. Gepleşikde Aşgabat şäheriniň orta hünär okuw mekdepleri bilen bir hatarda Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebinde hem 2025-2026-njy okuw ýylynda okadyljak ugurlar barada, dalaşgärleriň resminamalaryny kabul etmek boýunça alnyp barylýan işler, mekdebiň gazanan üstünlikleri barada giňişleýin gürrüň edildi .