«Türkmenhowaýollary» agentliginiň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebinde 2025-nji ýylyň 2-5-nji iýunyynda Raýat awiasiýasynyň Ýewropa konferensiýasy tarapyndan (ECAC) raýat awiasiýasynyň howpsuzlygy boýunça durmuşa geçirilýän “Afrikada, Ýakyn Gündogarda we Aziýada raýat awiasiýasynyň howpsuzlygy (CASE II)” taslamasynyň çäklerinde okuwlar geçirildi.
CASE II taslamasynyň umumy maksady özara hyzmatdaşlygy ýola goýmak arkaly, sebitiň hyzmatdaş döwletleriniň raýat awiasiýasynyň howpsuzlygyny güýçlendirmek üçin raýat awiasiýasyna abanýan terrorçylyk howpuna garşy durmakdan ybaratdyr.
Raýat awiasiýasynyň Ýewropa konferensiýasyndan (ECAC) gelip gowşan teklipler esasynda 2025-nji ýylyň dowamynda «Türkmenhowaýollary»agentliginiň we onuň garamagyndaky halkara howa menzilleriniň awiasiýa howpsuzlygy boýunça hünärmenleri şu okuwa gatnaşdylar.
Hünärmenlerimiz bu okuwlary üstünlikli tamamladylar we bu barada degişli sertifikatlary aldylar.